Iň täze habarlar

Saud Arabystandaky beýik binanyň üstünde stadion gurular

29.10.2025 | 18:30 |
 Saud Arabystandaky beýik binanyň üstünde stadion gurular

Saud Arabystany NEOM Sky Stadium gurluşygyny yglan etdi. Bu dünýäniň ilkinji futbol meýdançasy beýik binanyň üstünde ýerleşdiriler. Taslamanyň bahasy 1 milliard dollara barabar we onuň tamamlanmagy 2032-nji ýylda meýilleşdirilýär.

NEOM Sky Stadium täsin inženerçilik desgasy bolar: ol köpugurly beýik binanyň üstünde, 350 metr belentlikde ýerleşdiriler. Binanyň içinde tomaşaçylar, guramaçylar we žurnalistler üçin myhmanhanalar we söwda meýdançalary ýerleşdiriler.

1

Meýdançanyň sygymy 46 000 adama niýetlenendir. Tomaşaçylara ýokary beýiklikden hem futbol oýnuna, hem-de Er-Riýadyň futuristik şäher manzarasyna panoramaly görnüş açylar.

Taslama doly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine daýanyp, uglerod bitaraplygyny üpjün eder. Türgenleriň we tomaşaçylaryň rahatlygy üçin belentlik we gün ýylylygy bilen baglanyşykly dürli faktorlary deňleýän ýörite howalandyryş we sowadyş ulgamy işlenip düzüler.

2

NEOM Sky Stadium gurluşygy 2027-nji ýylda başlar. Meýdança, 2036-njy ýylda geçiriljek Futbol boýunça Dünýä Çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri bolar diýip garaşylýar, soňra bolsa konsertler we beýleki sport çäreleri üçin ýyl boýy ulanylar.

ORIENT

Foto: champion.com.ua

Şeýle hem okaň: