Iň täze habarlar

Taryhy rekord: Apple kompaniýasynyň bazar bahasy 4 trillion dollara ýetdi

29.10.2025 | 16:00 |
 Taryhy rekord: Apple kompaniýasynyň bazar bahasy 4 trillion dollara ýetdi

Amerikanyň «Apple» korporasiýasy öz taryhynda ilkinji gezek bazar bahasynyň 4 trillion dollara ýetendigini mälim etdi. Bu waka 28-nji oktýabrda bolup geçdi. Şeýlelik bilen, Apple dünýäde bu görkezijä ýeten üçünji kompaniýa boldy — 2025-nji ýylyň tomsunda bu sepgide eýýäm NVIDIA we Microsoft kompaniýalary ýetipdi.

Esasy ösüş hereketlendirijisi hökmünde 9-njy sentýabrda tanyşdyrylan «iPhone 17» smartfonlary tapawutlandy. Täze modelleriň tanyşdyrylmagyndan soň Apple-yň paýnamalary 13% ýokarlandy. Northlight Asset Management-yň baş maýa goýum direktory Kris Zakkarelliniň belleýşi ýaly, kompaniýanyň girdejisiniň köpüsi iPhone enjamlaryndan gelýär. Soňky ýyllaryň iň üstünlikli smartfonlarynyň biri hasaplanýan iPhone 17 we iň ýokary derejeli iPhone 17 Pro Max modelleriniň üstünlikli satuwlary täze ulanyjylary Apple-yň giň ekoulgamy bilen tanyşdyrýar.

Rekord derejedäki bazar bahasyna garamazdan, derňewçiler paýnamalaryň ösüşini iki esasy faktor çäklendirýändigini belleýärler. Birinjisi – ABŞ-nyň Hytaýda we Hindistanda önümçilige salýan ýokary gümrük tölegleri. Ikinjisi we iň möhümi – emeli aň (AI) uguryndaky yza galaklyk.

2024-nji ýylyň tomsunda yglan edilen «Apple Intelligence» kömekçisi garaşylyşy ýaly üstünlik gazanmady, täzelenen Siri bolsa henizem çykarylmady. Bilermenleriň pikiriçe, Apple-yň emeli aň boýunça anyk strategiýasynyň ýoklugy kompaniýanyň indiki ösüşine esasy päsgelçiligi döredýär. Bu ugurda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy kompaniýanyň bazardaky garaýyşlaryny düýpgöter üýtgedip bilerdi.

ORIENT

Foto: postium.ru

Şeýle hem okaň: