Biznes habarlary

Türkiýede awtoulag komponentleriniň halkara sergisi dünýä awtoulag pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemlär
22.05.2024
|09:29
|1560
23 – 26-njy maý aralygynda Stambulda «Automechanika Istanbul – 2024» atly awtoulag komponentleriniň, enjamlarynyň we satuwdan soňky hyzmatlaryň halkara sergisi geçiriler. Awtoulag şüweleňi hem-de awtoulag esbaplarynyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we abatlaýyş enjamlarynyň sergisi awtoulag öndürmek, paýlamak we abatlamak ulgamynyň ähli hünärmenlerini bir ýere jemleýär.

Türkmen işewürleri Dubaýda tebigy önümleriň halkara sergisine çagyrylýar
20.05.2024
|10:54
|2147
Türkmen telekeçileri şu ýylyň 18 – 20-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek tebigy we organiki önümleriň «Organic EXPO Dubai 2024» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Türkmen işewürleri Malaýziýada “halal” önümleriniň halkara sergisine çakylyk aldylar
11.05.2024
|09:25
|1019
Türkmenistanyň kompaniýalary şu ýylyň 17-20-nji sentýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Malaysia International Halal Showcase (MIHAS) Halal önümleriniň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Türkmenistanyň işewürleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Eýranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp biler
02.05.2024
|14:39
|1226
Türkmenistanyň telekeçileri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 7-10-njy maýda Tähranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen telekeçileri üçin maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirer
20.04.2024
|21:39
|943
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 6-8-nji maýda telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatyny geçirer.

«INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisine 10 müňden gowrak gatnaşyjy ýygnanar
19.04.2024
|16:27
|957
22-nji aprelde Daşkent şäherinde açyljak «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisine 10 müňden gowrak adam we 400 kompaniýanyň wekili gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

Ýewropanyň ösüş we täzeleniş banky müşderiler bilen gepleşikleri geçirmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirer
10.04.2024
|13:25
|1056
Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary “Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary” atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Türkmen işewürleri Eýranda geçiriljek dokma önümleriniň halkara sergisine gatnaşyp bilerler
09.04.2024
|11:45
|1006
Türkmen kompaniýalarynyň wekilleri dokma önümleriniň «SITEX2024» 16-njy halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergi şu ýylyň 4-7-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Isfahan şäherinde geçer.

Türkmenistanyň telekeçileri Rumyniýada geçiriljek sarp ediş harytlarynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
05.04.2024
|08:56
|897
Türkmen telekeçileri 16 -19-njy maý aralygynda Buharestde geçiriljek «TIBCO-2024» atly sarp ediş harytlarynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Türkmen telekeçileri işewürlik seljermesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar
03.04.2024
|09:28
|817
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de hususy bilermenleri işewürlik seljermesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre “Maslahat beriş işewürligiňizi ösdüriň” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.