Arkadag şäheri “Kids Expo”-da çagalaryň saglygy üçin lukmançylyk we durmuş ugurly taslamalaryny hödürlär
16.08.2025 | 23:50 |16-njy awgustda, şenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherindäki “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Oguljahan Atabaýewanyň sapary, innowasion lukmançylyk merkeziniň döredilmegi ugrundaky alnyp barylýan işleriň depgini we sebitdäki uly göwrümli sergi “Kids Expo 2025” üçin sergi diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşlyga gönükdirildi. Onda Arkadag şäheriniň Medisina Klasteriniň we Haýyr-sahawat gaznasynyň işi aýdyň görkeziler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow “Arkadag Medisina Klasteri” – lukmançylyk, ylym we önümçiligi birleşdirjek edaralar toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi. Onuň döredilmeginde, dürli ýurtlaryň öňdebaryjy tejriberli ulanylar. Ol tejribeleri türkmen hünärmenleriniň dünýäniň dürli ýurtlarynda öwrendiler.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda täze şäherde innowasion medisina klasteri döredilýär. Onuň wezipesi — isleg bildirýän önümleriň giň toplumyny şol sanda eksport üçin hem niýetlenen önümleri öndürmekden ybaratdyr. Bu ýerde eýýäm lukmançylyk önümleriniň, şeýle-de ýerli çig mallardan witaminler bilen baýlaşdyrylan ýokary hilli çagalar üçin iýmitiniň öndürilişi ýola goýuldy.
Hut şu özboluşly işler 21–23-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Kids Expo” sergisiniň merkezi ekspozisiýasynyň bölegi bolar. Diwarlygy synlamana gelenlere Arkadag şäheriniň Medisina klasteriniň önümleriniň nusgalary görkeziler. Şeýle hem giňden tanyşdyrmak maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly göwrümli işi barada gürrüň berýän wideo şekiller görkeziler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň nygtaýşy ýaly, hödürlenen taslamalaryň esasy maksady – mynasyp durmuşy we bagtly çagalygy üpjün etmekden ybaratdyr. Medisina klasteriniň öndürýän we öndürjek önümleriniň ýokary hiliniň çagalaryň sagdyn we berk bedenli ösmeginde möhüm orny eýeleýändigini belläp, hödürlenen önümleriň sergä gelýänleriň arasynda uly gyzyklanma döredjekdigine ynam bildirdi.
“ Kids Expo” sergisi, gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezmäge, täze hyzmatdaşlary tapmaga we üpjünçilik geografiýasyny giňeltmäge mümkinçilik berip, türkmen önümlerini halkara derejesinde tanatmak üçin ýene bir netijeli meýdança bolar.
ORIENT