Döwran Şammyýew, Astanadaky “Silk Way Star” wokal bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik eder
16.08.2025 | 23:22 |“Silk Way Star” atly birinji Aziýanyň wokal bäsleşigi Gazagystanyň paýtagty Astanada başlaýar, bu ýaryş Azerbaýjandan Günorta Koreýa çenli — 12 ýurtdan zehinleri birleşdirer. Türkmenistana wekilçilik etmek hormaty meşhur aýdymçy we kompozitor Döwran Şammyýewe miýesser etdi.
Halkara aýdym-saz dabarasy ýylyň iň tolgundyryjy wakalarynyň biri boljakdygyny wada berýär. Taslamany ýazga geçirmek işleri 20-nji awgustda başlar, uly göwrümli final “live-show” görnüşinde bolar we gatnaşyjy ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň öňdebaryjy teleýaýlymlarynda görkeziler.
Taslama 10 tapgyrdan ybarat bolup, olaryň her biri – bu aýdym-saz däpleri we Aziýanyň häzirki zaman ugurlary boýunça hakyky syýahatdyr. Tomaşaçylara adaty bolmadyk duetler, uzak medeniýetara hyzmatdaşlygy we artistlaryň duýguly hekaýalary garaşýar. Ses bermek halkara ulgamyna laýyklykda geçiriler we grand-finalda ýeňijini professional eminler (50%) we tomaşaçylar (50%) kesgitlär diýip, “Kazinform” habar berýär.
Bäsleşigiň eminler düzümem ýyldyzlardan peslär ýaly däl. Şeýlelikde, eminler toparyna belli türkmen dirižýory Resul Gylyjow girdi, onuň gatnaşmagy zehinleriň bahalandyrylmagyna uly goşant bolar.
Döwran Şammyýewiň özi bolsa – köp taraply ýerine ýetiriji bolup, jaz, pop, rok, blýuz we nusgawy žanrlarynda işleýär. Ol kompozitor hökmünde hem tanalýar we jemgyýetçilik başlangyçlarynda işjeň gatnaşýar.
“Silk Way Star” taslamasy diňe bir bäsleşik bolman, eýsem medeni alyş-çalyş, saz arkaly halkara dialog üçin möhüm meýdança bolýar we dünýä tomaşaçylaryna täze zehinleri açýar. Ýeňiji diňe bir özboluşly ada eýe bolman, eýsem öz döredijiligini dünýä sahnasynda görkezmek mümkinçiligine hem eýe bolar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradio korporasiýasy bilen Hytaýyň “CMG” media korporasiýasynyň arasynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde gurnalan bäsleşik, her ýyl geçiriljek çärä öwrüljekdigini we geljekde Aziýanyň dürli ýurtlarynda geçiriljekdigini wada berýär.
ORIENT