Medeniýet

“Ömrümiň manysy” kitaby Sankt-Peterburgyň Mariýa köşgünde tanyşdyryldy
20.10.2023
|18:25
|1014
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” kitabyny Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Mariýa köşgünde tanyşdyrdylar.

Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary halkara çärede türkmen sungaty barada çykyş etdiler
20.10.2023
|17:43
|2168
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary – sungaty öwreniji Maýa Jumanyýazowa we ýokary okuw mekdebiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri türkmen sungatynyň taryhy we çeperçilik ähmiýeti barada Daşkentde geçen amaly-haşam sungatynyň 4-nji halkara bianellesiniň barşynda çykyş etdi.

Türkmenistanda Tatarstanyň Medeniýet günleriniň iň soňky akkordy Aşgabatdaky gala konsert boldy
20.10.2023
|15:08
|1040
Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 19-njy oktýabrda Aşgabatda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly gala konsert bilen geçirildi.

Awstriýada Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli gala konserti geçirildi
20.10.2023
|01:20
|911
Wenada beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gala konserti geçirildi.

Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet baştutanlarynyň maşgalalary muzeýe we türkmen sergisine aýlandylar
19.10.2023
|01:31
|1236
Pekinde “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasy Pen Liýuan we beýleki ýurtlaryň wekiliýet baştutanlarynyň maşgalalary Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördüler.

Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlady, medeni estafetany Mary kabul edýär
18.10.2023
|01:37
|1374
17-nji oktýabrda, sişenbe güni Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy. Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Tatarstanyň ÝUNESKO-nyň sanawyndaky ýerleriniň surat sergisi açyldy we respublikanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Uzakdaky Murmansk şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni sergisi açyldy
17.10.2023
|19:53
|793
Serginiň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň önümlerini, milli lybaslary, öý hojalyk harytlary we Merkezi Aziýa halklarynyň şahyrlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.

Türkmen ussalary amaly sungatyň IV Daşkent biennalesine gatnaşýarlar
17.10.2023
|18:17
|941
Daşkende amaly sungatyň IV halkara biennalesi öz işine başlady. Oňa 12 ýurtdan - Fransiýa, Italiýa, Hindistan, Ýaponiýa, Müsür, Russiýa, Litwa, Azerbaýjan, Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistandan otuz suratkeş gatnaşdy. Festiwalda Özbegistana 60-dan gowrak suratkeş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary wekilçilik edýär diýip, UzA habar berýär.

RT teleýaýlymy türkmen halylary barada dokumental film düşürdi
17.10.2023
|15:03
|820
“Russia Today” halkara teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde türkmen halylary barada düşüren dokumental filmini tomaşaçylara hödürledi.

Bakuwda türkmen sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy bellendi
16.10.2023
|19:49
|2001
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şu ýyl 30 ýyllygyny belleýär. Almatyda, Bişkekde, Daşkentde, Aşgabatda we Bakuwda guramanyň ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk agşamy geçirildi.