Marynyň maliýe-ykdysady mekdebi döwlet olimpiadasynda üstünlik gazandy
08.07.2025 | 16:40 |Türkmenistanda orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarynyň arasynda umumybilim dersleri boýunça döwlet olimpiadasy geçirildi. Olimpiadanyň maksady ýaşlaryň ylma we bilime bolan höweslerini artdyrmakdan hem-de zehinli talyplary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Mary welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bu abýraly ýaryşda üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlary eýelediler. Aýratyn hem, mekdebiň esasy hünäri bolan “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ýokary netijeler görkezildi. Baýrakly orunlar beýleki birnäçe ugur boýunça hem gazanyldy.
Ýokary netijeleri görkezen talypar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher geňeşiniň adyndan gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
ORIENT