Latest news

Türkmenistan we Eýran maýa goýum mümkinçiliklerine we halkara forumlaryna üns berýär

07.10.2025 | 18:30 |
 Türkmenistan we Eýran maýa goýum mümkinçiliklerine we halkara forumlaryna üns berýär

Maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan milli maslahat Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde geçirildi.

Maslahata Eýranyň wise-prezidenti Jafar Gaýempanah, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri, Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi, Mejlisiň deputatlary hem-de beýleki resmi wekiller gatnaşdylar.

1

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň sebitara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň ünsüni şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara forumyň mazmuny we ähmiýeti özüne çekdi. Bu forum Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanar.

Photo: Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy

Read also: