Magtymguly baradaky film Türkiýäniň 3 şäherinde düşüriler
06.09.2023 | 18:30 |"Oguzhan" adyndaky "Türkmenfilm" birleşiginiň döredijilik topary 17 - 24-nji sentýabr aralygynda Türkiýede iş saparynda bolarlar. Olar Türkiýäniň 3 şäherinde - Ankara, Stambul we Konýa şäherlerinde bolup, Magtymguly Pyragy barada düşürilýän dokumental filme film materiallaryny toplarlar. Döredijilik toparyna režissýor Hekim Alowow ýolbaşçylyk edýär.
Konýa sebiti kinomatografiýaçylar üçin taryhy künjek bolup, bu ýerde irki döwürlerde türkmenleriň ata-babalary - seljuklar ýaşapdyrlar. Meşhur rubagyçy we matematik Omar Haýýam we Möwlana Jelaletdin Rumy hem bu sebitde ýaşapdyrlar. Taryhy we medeni aýratynlyklara baý bu sebit Magtymgulynyň döredijiligine özüniň täsirini ýetiripdir.
Saparyň çäklerinde döredijilik topary Ankara şäherindäki "Türkmenistan" seýilgähinde ýerleşýän 2012-nji ýylda bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine baryp görerler we bu ýerlerde öz işlerini alyp bararlar. Surata düşürmek işleri türk paýtagtynda ýerleşýän TÜRKSOÝ guramasynyň ştab-kwartirasynda hem alnyp barlar. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bu guramanyň çäklerinde bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Şonuň üçin-de, geljek 2024-nji ýyl TÜRKSOÝ-yň çäklerinde "Türki dünýäsiniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýyly" diýlip yglan edildi.
Döredijilik topary Stambul şäherinde türkmen şahyrynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan we ol barada ylmy gözlegleri alyp barýan türk alymlary bilen duşuşarlar. Olar beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi barada täze maglumatlary paýlaşarlar.
"Türkmenfilm" birleşigi Magtymguly Pyragy baradaky dokumental filmi geljek ýylda tomaşaçylara hödürlemegi meýilleşdirýär. Munuň üçin, Russiýa, Eýran, Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlara döredijilik saparlaryny guramak göz öňünde tutulandyr.
ORIENT news