Microsoft Windows 11-de has amatly işleýşi üçin «Faýl dolandyryjysyny» täzeleýär
22.08.2025 | 16:45 |Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky «Faýl dolandyryjy» ulgamynyň interfeýsini giň gerimde täzeden işläp taýýarlamaga girişdi. Maksat — ony ulanyjylar üçin has amatly we çalt etmekdir. Esasy täzelik — faýlyň üstüne syçanjygyň kursoryny getireniňde peýda boljak täze düwmeler bolup, olar arkaly buýrugy diňe bir gezek basmak arkaly ýerine ýetirmek mümkin bolar. Bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam eder.
Täze mümkinçilikleriň arasynda aşakdakylar bar:
• Papkalara, saýlanan faýllara we umumy faýllara çalt elýeterlilik.
• Faýl boýunça sorag berip bilmek üçin gönüden-göni Copilot bilen işleşmek.
• Kontekst menýuny derrew açmak.
Mundan başga-da, ýakyn wagtda «Faýl dolandyryjysynda» «AI Actions» diýen goşmaça menýu peýda bolar. Ol faýllar bilen işlemäge niýetlenen güýçli gurallary hödürlär: Bing arkaly gözleg, fonuň düşnüksiz edilmegi (blur) we obýektleriň aýrylmagy ýaly mümkinçilikler bolar. Bu üýtgeşmeler gündelik işlerini ýeňilleşdirmek hem-de faýllary dolandyrmagy has düşnükli we intuitiw etmek üçin niýetlenendir.
ORIENT