Iň täze habarlar

Nvidia RTX 40 kartlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrjak täze goşundysyny döretdi

22.08.2025 | 15:10 |
 Nvidia RTX 40 kartlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrjak täze goşundysyny döretdi

Nvidia kompaniýasy täze Nvidia App atly goşundysynyň soňky görnüşiniň çykandygyny habar berdi. Bu programma ulgamy dolandyrmak üçin kömekçi serişdesi bolup, GeForce Experience bilen NVIDIA Dolandyryş Paneliniň iň gowy mümkinçiliklerini birleşdirýär. Esasy täzelik bolsa — RTX 40 seriýaly wideo kartlaryň eýelerine, öň diňe iň täze RTX 50 kartlarynda elýeterli bolan kämilleşdirilen tehnologiýa mümkinçiligini berýär.

Esasy täze aýratynlyk — draýwer derejesinde kadr döretmegi üpjün edýän Smooth Motion tehnologiýasyna goldawyň goşulmagydyr. Bu funksiýa oýunlardaky öndürijiligi ep-esli ýokarlandyrýar we indi RTX 40 kartlarynyň ulanyjylary üçin hem elýeterlidir.

Mundan başga-da, programmada DLSS-i ähli oýunlar üçin global ýagdaýda işjeňleşdirmek mümkinçiligi peýda boldy. Bu bolsa öndürijiligi has-da ýeňil dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Täze goşundy ähli ulanyjylar üçin awgust aýynyň 26-syndan başlap elýeterli boldy.

ORIENT

Foto: Nvidia

Şeýle hem okaň: