Iň täze habarlar

ÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýasyny Parižde däl-de, Özbegistanda geçirmek teklip edildi

07.09.2023 | 18:24 |
 ÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýasyny Parižde däl-de, Özbegistanda geçirmek teklip edildi

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda “Abu Reýhan Biruny. Geografik we intellektual syýahat” atly sergi açyldy. Ol Gündogaryň beýik akyldarynyň we alymynyň 1050 ýyllygyna bagyşlandy.

Sergide wizual gurnmalaryň kömegi bilen Abu Reýhan Birunynyň ömri, döredijiligi, ylmy açyşlary we barlaglary barada giňişleýin bilmek bolýar. Çärede alymyň golýazmalaryna hem möhüm orun berlipdir.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewanyň Telegram kanalynda mälim etmegine görä bu sergi ýewropa jemgyýetçilignde uly gyzyklanma döredýär we Özbegistan barada köp zatlary bilmäge şert döredýär. Özbegistan Samarkant şäherinde 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň ählumumy 43-nji sessiýasyny kabul etmäge taýýar. Eger-de, bu teklip makullansa, sessiýany 40 ýyllap yzygiderli Pariž şäherinde geçirmek däbini üýtgeder we taryhy waka bolar.

ÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýalarynda guramanyň geljekde iş alyp barmaly esasy ugurlary kesgitlenýär. Ol her 2 ýyldan bir gezek geçirilýär. Onuň 42-nji sessiýasy şu ýylyň noýabrynda geçiriler.

ORIENT news

Foto: uz24.uz

Şeýle hem okaň: