Şuşa şäherinde türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň sergisinde türkmen suratkeşleriniň işleri sergilener
09.09.2023 | 15:17 |Türkmenistanly iki suratkeşiň işleri, Şuşa şäherindäki türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň eserleriniň sergisine çykarylar. Sergi 10-21-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjanda halkara türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň döredijilik duşuşygynyň çeginde geçiriler. Forumyň guramaçysy hökmünde TÜRKSOÝ çykyş edýär diýip, azerbaýjanyň metbugaty habar berýär.
Türkmenistandan iki nakgaş: Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, döwlet döredijilik akademiýasynyň mugallymy Azat Annaýew we Mary şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy we Marynyň suratkeşlik mekdebiniň ýaş wekili Allaberdi Öwezdurdyýew çykyş ederler. Şeýle hem, medeni çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň suratkeşleri gatnaşýar. Olar sergide iň gowy işlerini sergilär we ýaş suratkeşler üçin ussatlyk sapaklaryny hem-de kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirerler.
Taslama gatnaşyjylar sergi üçin işlerini Şuşanyň owadan ýerinde çekerler. Olaryň suratlary «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2023» diýlip yglan edilen Azerbaýjan şäheriniň taryhy, medeni, tebigy we gözel ýerleri barada «gürrüň bererler».
Suratkeşler Şuşadaky sergä öz işlerinden hem birnäçesini getirdiler. Mysal üçin, Azat Annaýewiň akwarel işleri Hazaryň, Garagum çölüniň tebigatyna we Köpetdagyň etekleriniň landşaftyna bagyşlanýar. Ýöne Allaberdi Öwezdurdyýewiň reňkli we açyk suratlary bolsa, oba durmuşyny we adaty adamlaryň ýaşaýşyny şekillendirýär.
ORIENT news