“X - faktor” dünýä şüweleňi ilkinji gezek Özbegistanda başlaýar
07.09.2023 | 23:58 |Meşhur wokal talant-şüweleňi “X-faktor” ilkinji gezek Özbegistanda başlaýar. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, telewideniýede birinji bölüm FTV kanalynda 24-nji sentýabrda görkeziler.
“X-faktor” aýdym-saz taslamasy dünýäniň 55-den gowrak ýurdunda geçirilýär. Bu sergi köpden bäri täze zehinleri we dünýä derejesindäki ýyldyzlary açmak üçin platforma bolup gelýär. Özbegistanyň ýerli bazarynda “X-faktor” halkara formatyny uýgunlaşdyrmak üçin resmi hukuklar, UzReport habar gullugyna degişli FTV kanaly tarapyndan “Freemantle Media” iňlis kompaniýasyndan alyndy.
Görkeziliş üçin kastingler ýurduň iň uly bäş şäheri, Samarkand, Namangan, Buhara, Horezm we Daşkentde geçirildi, oňa 6 müňe golaý adam gatnaşdy. Saýlawyň birnäçe tapgyryndan soň, 12 aýdymçy sahna çykar we göni ýaýlymda Özbegistanyň iň gowy ýerine ýetirijisi diýlip atlandyrylmak hukugy ugrundaky göreşi dowam etdirerler.
Täze zehinleriň ykbaly tomaşaçylar tarapyndan halaýan ýerinde ýetirijisine ses bermek arkaly kesgitlener. Iň köp ses alan gatnaşyjy şüweleňe gatnaşmagyny dowam etdirer. Özbek taslamasynyň ýeňijisi ýurduň iň gowy ýerine ýetirijisi diýen ada eýe bolar, şeýle-de pul baýragyna, maglumat goldawyna we aýdymlarynyň FTV kanalynda berilmegine mynasyp bolar.
ORIENT news