Türkmenistanly artistler Duşenbede Merkezi Aziýanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş ederler
12.09.2023 | 18:30 |Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar. Türkmen artistleri - estrada aýdymçylary, sazandalar, tans toparlary, şeýle hem ýaşlar döredijilik toparlarynyň aktýorlary 14-15-nji sentýabrda Täjigistanda Merkezi Aziýa we Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriljek baýramçylyk maksatnamasyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (IFAS) esaslandyryjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşarlar.
Duşanbeniň konsert meýdançalarynda Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, meşhur aýdymçy Züleýha Kakaýewa, Ahal welaýatynyň folklor tans ansamblynyň orkestriniň sazandasy Guwanç Ýazmämmedow we beýleki ýerine ýetirijiler, şeýle hem «Näzli» tans topary we «Laçyn» tans we saz folklor ansambly çykyş ederler.
Täjigistanyň paýtagtynda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçýän günlerinde şeýle hem, Ykdysady forum, Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň duşuşygy, Milli önümleriň halkara sergisi we sebitiň suratkeşleriniň eserleriniň sergisi, Merkezi Aziýanyň liderler-zenanlarynyň dialogynyň agzalarynyň duşuşygy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň birinji forumy bolar.
ORIENT news