Iň täze habarlar

Türkmenistan Hytaýda geçen “Ýüpek ýoly” halkara medeni sergisiniň üns merkezinde

09.09.2023 | 15:44 |
 Türkmenistan Hytaýda geçen “Ýüpek ýoly” halkara medeni sergisiniň üns merkezinde

Hytaýda altynjy “Ýüpek ýoly” halkara medeni sergi-ýarmarkasy geçirildi. Gansu welaýatynyň Dunhuan şäher okrugynda syýasatçylardan, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan, medeniýet ulgamyndaky bilermenlerden, taryhçylardan we alymlardan ybarat 1200 hytaýly we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.

Şu ýyl forumyň hormatly myhmany hökmünde esasy ýurdy Türkmenistan boldy. Beýik Ýüpek ýoly-bu diňe bir gadymy söwda ugry bolman, eýsem onuň ugrundaky medeniýetleri öwrenmäge hem eltýän uzyn ýoldur diýip öz çykyşda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Baýrammyrat Gurbanow belledi.

757678e1265a435abf0f574c38946680.jpeg

Beýik Ýüpek ýoly medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýä garaýyşlaryň biri- birine aralaşmagyny üpjün edip, biziň ýurtlarymyzy birleşdiripdir we diňe bir özara bähbitli söwdanyň däl, eýsem medeniýetleriň gatnaşyklarynyň hem köprüsi bolupdyr. Biz bu özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we häzirki şertlerde dowam etdirijileri bolmak bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris we gatnaşyklarymyzy dowam etdirýäris diýip türkmen bilermeni belledi.

Türkmenistanyň sergidäki pawilionynda halkymyzyň baý medeniýetine, amaly- haşam sungatyna degişli muzeý gymmatlyklary we eksponatlar ýaýbaňlandyryldy.

2 (5).jpg

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew Türkmenistan bilen Hytaýyň muzeýleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň arheologik tapyndylary öwrenmek we gorap saklamak üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem ol iki medeniýetiň özara baglanyşygynyň bardygyny belledi.

ORIENT news

Foto: CGTN

Şeýle hem okaň: