Aşgabatda Sergeý Rahmaninowyň 150 ýyllygyna bagyşlanyp konsert berler
06.12.2023 | 13:02 |Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminde (Rus öýi) 8-nji dekabrda, sagat 18:30-da “Sergeý Rahmaninow: “Men – rus kompozitory” atly serginiň açylyşy guralar. Bu barada Russiýanyň ilçihanasy “ORIENT-e” habar berdi.
Onuň çäklerinde Maýa Kuliýewanyň adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalarynyň gatnaşmagynda rus pianinoçysy we dirižýory S.W.Rahmaninowyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan konsert hem guralar.
Sergide görkeziljek eksponatlar “Russiýanyň Milli aýdym-saz muzeýi” Federal döwlet býujet medeniýet institutyndan getirildi. Sergi 18-nji dekabra çenli 10 günläp dowam eder.
Çärä gatnaşmak üçin otdel_tm@mail.ru e-poçta salgysy ýa-da +99361 51 0398 telefon belgisi arkaly öňünden bellige alynmalydyr.
ORIENT news