Iň täze habarlar

Şuşada Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary bileleşiginiň guramaçylarynyň maslahaty geçirilýär

10.12.2023 | 17:28 |
 Şuşada Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary bileleşiginiň guramaçylarynyň maslahaty geçirilýär

Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Şuşada Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary bileleşiginiň guramaçylarynyň maslahaty geçirilýär.

Çärä Şeki we Şuşa (Azerbaýjan), Türküstan (Gazagystan), Oş (Gyrgyzystan), Änew (Türkmenistan), Eskişehir, Kastamonu we Bursa (Türkiýe) şäherleriniň resmi wekilleri gatnaşýar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem gatnaşýar.

2-7.jpg

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň Hemişelik Medeniýet ministrleriniň mejlisinde, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Şuşa şäherine berlen “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” statusy 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi.

Türkmenistanda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi mynasybetli çäreleri geçirmek üçin guramaçylyk topary döredildi.

ORIENT news

Foto: report.az

Şeýle hem okaň: