Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Bitaraplyk güni Londonda bellendi

13.12.2023 | 21:47 |
 Türkmenistanyň Bitaraplyk güni Londonda bellendi

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyga hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi.

Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan we ýaşaýan türkmen raýatlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň London şäherindäki ilçihanasy habar berýär.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty hem-de halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän döwrebap başlangyçlary, Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada maglumatlar hem-de foto we wideo materiallar bilen tanyşdylar.

ORIENT news

Foto: wikipedia.org

Şeýle hem okaň: