Moskwada Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bellendi
15.12.2023 | 02:28 |12-nji dekabrda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilýän gününde Moskwanyň Milletler öýünde Russiýada ýaşaýan we okaýan türkmenleriň dabaraly duşuşygy geçirildi.
Çäre “Rus-türkmen medeniýet merkezi” täjirçilik däl awtonom guramasy, “Hazaryň mirasy” atly Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmak gaznasy, hem-de Moskwadaky Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary tarapynda geçirildi.
Moskwanyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Medeniýet günleri türkmen we rus suratkeşleriniň eserleri ýerleşdirilen sergi bilen açyldy. “Rus-türkmen medeniýet merkezi” täjirçilik däl awtonom guramasynyň direktory Kamilžan Kalandarow 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga geljekde hem ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle resminama Milletler Bileleşiginiň taryhynda ilkinji gezek kabul edildi.
Moskwanyň Milletler öýüniň direktory Sergeý Anyfriýenko hem ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Sergide esasan Waleriýa Kurbanowanyň we Dariýa Asadullaýewanyň işleri görkezildi. Onda Moskwadaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Togrul Ýarmämmedowanyň we garfikaçy kristina Grinýowanyň işlerine hem orun berildi. Gatnaşyjylar olaryň täsin işlerine ýokary baha berdiler. Mysal üçin Waleriýa Kurbanowanyň kendir matanyň ýüzüne çeken suratlary umumadamzat filosofiki pikirlerini, filosofiýasyny, Dariý Asadullaýewiň işleri hem anyk geçmişi gürrüň berýär.
Çäräniň çäklerinde Moskwanyň Milletler öýüniň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy – Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygyň möhüm şerti” atly maslahat hem guraldy.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň başlygynyň orunbasary Boris Çernişow gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Maslahatyň çäklerinde çykyş edenler halkara hukugynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini, ýurduň geosyýasy we geo-ykdysady kuwwatyny parahatçylygyň hatyrasyna ulanmagy göz öňünde tutýan Garaşsyz döwletiň Bitaraplygynyň hukuk derejesi barada durup geçdiler. Söwda we ykdysady gatnaşyklar, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly daşky gurşaw, energiýa howpsuzlygy we halkara ulag geçelgelerini döretmek babatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň we baýlaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bellendi.
Kompozitor Mämmet Guseýinow öz çykyşynda: “Türkmenistanyň mysalynda adamzat taryhynda medeni gepleşikleriň ähliumumy özara täsir diji guraly ösdi. “Medeni” düşünjäni ýaýratmak üçin Bitaraplyk syýasaty şeýle möhzm gural hasaplanyp bilner.
Çäräniň ahyrynda Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” 7-nji halkara sungat festiwalynyň ýeňijileriniň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti guraldy.
Ýygnananlar dogduk Watanlarynyň – Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmegini arzuwlap, şeýle çäreleriň geljekde hem yzygiderli guralmalydygyny nygtadylar.
ORIENT news