Iň täze habarlar

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň senetçilik we aýdym-saz däpleri Maryda geçirilen festiwalda birleşdi

14.12.2023 | 23:09 |
 Türkmenistanyň hem-de Eýranyň senetçilik we aýdym-saz däpleri Maryda geçirilen festiwalda birleşdi

14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.

2-1.jpg

Bu çärede Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani we Aşgabatdaky Eýranyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli çykyş etdiler. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, olar bilelikdäki bu döredijilik taslamasynyň, türkmen bilen eýran halklarynyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we hoşniýetli gepleşikleri güýçlendirmek üçin döredilendigini bellediler.

3-2.jpg

Sergide çeper senetçilik, keramika, torewtika, şaý-sepler, haly we keçe şeýle-de milli öý bezegleriniň görnüşleri görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde amaly-haşam sungat eserlerini ýasamak we bezemek usullary hödürlendi.

4-1.jpg

Eýrandan gelen myhmanlar, mozaika sungatynyň hünärmenleri ajaýyp bezeg plitalaryny döretmek däpleri, stilleri, usullary we materiallary barada leksiýa berdiler.

Iki halkyň medeni baýramçylygy türkmen we eýranly sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. Ol Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda bolup geçdi.

5-1.jpg

Eýranyň wekiliýeti üçin ekskursiýa maksatnamasy hem taýýarlandy. Goňşy ýurduň wekilleri Aşgabat şäherine gelenlerinden soň "Nusaý" taryhy we medeni goraghanasyna baryp gördüler, Mary welaýatynda bolsa, olar Gadymy Merw şäherine syýahat ederler we türkmeniň paýtagtyna gaýdyp gelenlerinde şäheriň häzirki zaman gözel ýerleri bilen tanşarlar.

ORIENT news

Foto: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Şeýle hem okaň: