Iň täze habarlar

Aşgabatda 7-nji ýapon filmleri festiwaly açyldy

16.12.2023 | 00:04 |
 Aşgabatda 7-nji ýapon filmleri festiwaly açyldy

Anna güni, 15-nji dekabrda paýtagtyň “Aşgabat” kinoteatrynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Ýaponiýanyň gaznasynyň (Japan Foundation) goldawy bilen geçirilýän 7-nji ýapon filmleri festiwalynyň dabaraly açylyşy geçirildi.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi açylyş dabarasynda çykyş etdi:

1702666870878.JPEG

- Siziň hemmäňizi şu ýerde görüp gaty begenýärin. Bu gün 7-nji ýapon filmleri festiwalyny açýarys. Festiwalyň üsti bilen Ýaponiýanyň medeniýeti, jemgyýetçilik durmuşy we taryhy bilen has gyzyklanarsyňyz diýip umyt edýärin. Filmler Aşgabatda görkezilenden soň, eserler festiwalyň ilkinji gezek geçiriljek Türkmenbaşy şäherinde hem görkeziler.

Görkezişleriň aşakdaky tertibe laýyklykda geçirilýändigini ýatladýarys:

Aşgabatdaky film görkezilişiniň tertibi:

• Asman (jennet) restorany: 15-nji dekabr, 18:00;

• Diňe pişik bilýär: 16-njy dekabr, 18:00;

• Takesi Ýasiro animasiýasy: 17-nji dekabr, 13:00;

IMG_20231215_174857.jpg

Türkmenbaşy şäheri üçin sanaw:

• Takesi Ýasiro animasiýasy: 23-nji dekabr, 15:00;

• Diňe pişik bilýär: 23-nji dekabr, 17:00;

1702666873108.JPEG

Türkmenistanda ilkinji ýapon filmleriniň festiwaly 2011-nji ýylda geçirildi we şondan bäri ýapon režissýorlarynyň filmleri köp sanly türkmen tomaşaçylary tarapyndan gowy görülýär. Film festiwallary Ýapon gaznasynyň goldawy bilen bütindünýäde Günüň dogýan ýurdunyň medeniýetini ýaýratmak maksady bilen geçirilýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: