Iň täze habarlar

Türkiýedäki Çatal-Hüýük arheologik ýadygärliginde döwrebap maglumat merkezi açyldy

05.01.2024 | 06:28 |
 Türkiýedäki Çatal-Hüýük arheologik ýadygärliginde döwrebap maglumat merkezi açyldy

Türkiýäniň merkezinde, Konýa welaýatynda ýerleşýän neolit we eneolit eýýamyna degişli Çatal-Hüýük arheologik ýadygärligi syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Çatal-Hüýükde tapylan taryhy tapyndylar, çig kerpiçden salnan öýler 9 müň ýyl mundan ozal bu ýerde ýaşan jemgyýetiň durmuşy, ynanç-ygtykady we beýlekiler barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Medeni we durmuş düzümleriniň gowy ýagdaýda saklanyp galmagy Çatal-Hüýügiň ähmiýetini artdyrýar. Bu ýerdäki ilatly nokadyň ýokary derejede ösen dizaýny bu jemgyýetiň şäher meýilnamalaşdyrmasyndan oňat baş çykarandygyny we durnukly oturumly ýaşaýşyň bolandygyny görkezýär.

Medeni mirasy gorap saklamak maksady bilen Çatal-Hüýükde döwrebap maglumat we syýahatçylyk merkezi açyldy.

Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän çäklerinde ýerleşýän maglumat-syýahatçylyk merkezi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň bu desgasy barada hemmetaraplaýyn maglumat almaga we ony mundan beýläk-de ýaýmaga gönükdirilendir. 4500 inedördül metr ýapyk sergi meýdanyny eýeleýän bu özboluşly interaktiw giňişlik gadymy siwilizasiýanyň syrlaryny açmaga çalyşýan myhmanlar üçin unudylmajak pursatlary hödürleýär.

ORIENT news

Foto: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan

Şeýle hem okaň: