Türkmenistan belarus edebiýatynda: Magtymguly we onuň häzirki şägirtleri
04.01.2024 | 20:19 |2019-njy ýylda Belarus Respublikasynyň Maglumat ministrliginiň goldawy bilen, XX asyryň soňky çärýeginde has meşhurlyga eýe bolan “Dalýaglýady” (“Gorizonty”) atly daşary ýurt eserleriniň edebi neşiri gaýtadan çap edilip başlandy. Şondan bäri 2019, 2020, 2021 we 2023-nji ýyllarda jemi dört ýygyndy çap edildi. Adatça, her gezekki neşirde 20-ä golaý ýurduň milli edebiýatynyň nusgalary çap edilýär.
“Dalýaglýady” edebi neşiriniň nobatdaky sany Ales Karlýukewiç we Wiktor Şnip tarapyndan taýýarlanylypdyr. Her gezekki neşirde türkmen edebiýatyna aýratyn orun berilýär. Edebi neşiriň 2023-nji ýyldaky sanynda Ales Karlýukewiçiň terjime etmeginde Ahmet Gurbannepesowyň “Grafoman”, Jumageldi Mulkiýewiň “Garlawajyň höwürtgesi”, “Şaman”, Juma Hudaýgulyýewiň “Aýdym aýdasym gelýär!” atly hekaýalary çap edildi. Şeýle hem şu ýylda bellenjek ýubileý ýyllygynyň hormatyna Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň belarus diline terjime edilen saýlanan goşgular toplumy okyjylara hödürlenýär. Bu goşgular belarus terjimeçisi Wiktor Şnip tarapyndan terjime edilipdir.
Häzirki wagtda edebi neşiriň şu ýyldaky sanyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýyllyk neşiriň nobatdaky sanynyň türkmen okyjylarynyň ünsüni çekjekdigini bellenilýär. Belarus ýazyjysy we terjimeçisi Wiktor Şnip “Zwýazda” gazetine beren söhbetdeşliginde şeýle belleýär:
“Täze neşirde hem türkmen edebiýatynyň eserleri ýörite bölümde berler. Onda okyjylara ozaldan tanyş Jumageldi Mülkiýewiň, Maksat we Kömek Kulyýewleriň eserleri bolar. Hususanda, biz Türkmenistanyň halk şahyry Kerim Gurbannepesowyň goşgularyna giň orun bermegi meýilleşdirýäris. Sebäbi 2024-nji ýylda şahyryň 95 ýaşy dolýar. Elbetde, täze neşirde Magtymgulynyň ölmez-ýitmez goşgularynyň täze terjimelerine hem aýratyn orun berler”.
Wiktor Şnipiň bellemegine görä, belarus terjimeçileriniň we türkmen ýazyjylarynyň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin tagalla edilýär. Munuň üçin bolsa uly mümkinçilikler bar. Neşiriň mälim etmegine görä, iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda “Belarus-türkmen edebi gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy” atly temada maslahat ýa-da “tegelek stol” maslahatyny guramak ýerliklidir. Şunda belarus neşirinde çap edilen eserler özara söhbetdeşlik üçin möhüm binýat bolup durýar.
ORIENT news