Iň täze habarlar

Türki dünýäsi barada koreý dilinde 8 jiltlik kitap çykaryldy

11.01.2024 | 22:48 |
 Türki dünýäsi barada koreý dilinde 8 jiltlik kitap çykaryldy

Koreýa Respblikasynyň Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň ylmy-barlag taslamasy esasynda “Türki dünýäsiniň we ynsanperwer ylymlarynyň ensiklopediýasy” atly 8 jiltlik kitap çap edildi. Ony taýýarlaýjylaryň belleýşi ýaly, bu kitap türki dünýäsine düşünmek üçin zerur bolan ynsanperwer ylymlarynyň esasy ýörelgelerini ulgamlaşdyrýan dünýäde ilkinji neşir bolup durýar.

Türkologiýa – bu ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlarynyň ähli ugurlaryny, şol sanda asyl gelip çykyşy Ýewraziýa yklymy bolan türki halklarynyň dilini, medeniýetini, jemgyýetini, syýasatyny we dinini öwrenýän giňişleýin akademiki ugurdyr.

Türki halklaryň ýaşaýan sebitleýin gurşawyna Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Altaý, Tywa, Hakasiýa, Saha, Başkortostan we Tatarystan ýaly sebitleri hem-de Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýony girýär.

“Türk ynsanperwer ensiklopediýasynyň maglumat bazasyny döretmek” taslamasy Koreýanyň Milli ylmy-barlag gaznasynyň 2018-nji ýyldaky esasy ylmy-barlaglar taslamasy bäsleşiginde ýeňiji boldy. Ensiklopediýany taýýarlamagyň üstünde 21 alym 5 ýyllap işledi.

Ensiklopediýa kagyz kitaby hökmünde we “PDF” elektron görnüşinde görnüşinde neşir edildi. Ol 8 jiltden we 4000-den gowrak sahypadan ybarat diýip, Günorta Koreýanyň “Energy Economic” gazeti habar berýär.

Russiýadan Merkezi Aziýa we Türkiýä çenli uzap gidýän türki dilli medeni çägi Ýewraziýa sähralarynyň we Ýüpek ýolunyň çarwa medeniýeti bilen berk baglanyşykly bolup, geosyýasy we geo-ykdysady ähmiýeti barha artýar.

Hususanda, Koreýa üçin türki halklary bilen dil we medeni gatnaşyklary kesgitlemek, özara düşünişmek meselesinde ylalaşygy giňeltmekde bu sebitde ynsanperwer ugurda ylmy-barlaglary güýçlendirmek möhümdir. Alymlaryň pikiriçe, munuň üçin diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem halk köpçüligi üçin-de türk medeniýeti barada esasy bilimleri bilmek zerurdyr.

Şoňa laýyklykda türki halklarynyň ynsanperwer ensiklopediýasy bu maglumat boşlugyny doldurar we geljekki ylmy barlaglary janlandyrar. Şeýle hem neşiriň alymlara, kärhanalara, kompaniýalara we raýatlara türki dilli ýurtlar bilen baglanyşykly möhüm ynsanperwer maglumatlary berer.

Ensiklopediýany Koreýanyň “Naver” sanly platformasyndan, Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň web-saýtyndan ýa-da blogyndan tapyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: ekn.kr

Şeýle hem okaň: