Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Hindistanda tanyşdyryldy
26.01.2024 | 15:31 |Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda tanyşdyryldy. Bu barada Nýu-Deli şäherindäki ilçihana habar berdi.
Myhmanlar “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygary we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly milli we halkara derejesinde geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň many-mazmuny barada hem durup geçdiler.
Şu ýylyň şygaryna we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaby bilen bagly ýurtda we daşary döwletlerde birnäçe çäreler geçirilýär.
ORIENT news