Medeni kerwen Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan geçer: Hytaýda başlanar, Pakistanda tamamlanar
25.01.2024 | 20:21 |Sişenbe güni Pakistanyň Milli miras we medeniýet ministri Jamal Şah Yslamabatdaky daşary ýurt diplomatlary bilen Pakistan, Hytaý, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ikinji “CPEC” (China Pakistan Economic Corridor) Medeni kerwen meýilnamasyny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdy.
Päkistanyň Milli sungat geňeşinde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow, Russiýanyň ilçisi Albert Horýew, Hytaý ilçihanasynyň geňeşçisi Bao Çžun, Gazagystanyň ilçisi Ýeržan Kistafin, Gyrgyzystanyň ilçisi Ulanbek Totuýaýew, Özbegistanyň ilçisi Oýbek Usmanow we Azerbaýjanyň ilçisi Hazar Farhadow gatnaşdy. Bu çärä Pakistanyň medeni pudagynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Jamal Şah, CPEC medeni kerweniniň Siandan (Hytaý) başlajakdygyny we Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, BAE-niň, Gwadaryň, Karaçiniň üstünden ahyrsoňy Yslamabatda tamamlanjakdygyny aýtdy. Bu barada “The Express Tribune” habar berýär.
"Medeni kerwen, CPEC gadymy Ýüpek ýolunyň ugrundaky dürli durmuşy resmileşdirer"-diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Bu medeni gezelenç, Hytaý-Päkistan ykdysady geçelgesinde we Merkezi Aziýany öz içine alýan Ýüpek ýolunda ýaşaýan adamlaryň tejribelerini we hekaýalaryny resmileşdirer.
Kerwen pakistanly, hytaýly we orta aziýaly suratkeşleriň, sazandalaryň, suratçylaryň, antropologlaryň, ýazyjylaryň we kinorežissýorlaryň dürli toparlaryndan ybarat bolar.
ORIENT news