Iň täze habarlar

Türkmen dizaýnerleri we markalary “Arkalaşygyň dizaýny” atly ýörite taslama gatnaşar

27.01.2024 | 20:11 |
 Türkmen dizaýnerleri we markalary “Arkalaşygyň dizaýny” atly ýörite taslama gatnaşar

Bütinrus bezeg sungaty muzeýi dizaýn diplomatiýasy ugrundaky taslamalary işjeň ösdürýär we “GDA-nyň ykdysady ösüş üçin işewürlik merkezi” birleşigi bilen hyzmatdaşlyga başlaýar.

Bu ugurda muzeý, “Russiýada oýlanyp tapyldy we öndürildi” - “Arkalaşygyň dizaýny” obýekt dizaýnynyň IV-Bütinrus bäsleşigi-biennalesiniň emeli hemra taslamasyny durmuşa geçirýär.

GDA-nyň internet portalynyň habaryna görä, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan dizaýnerler we markalar ýörite bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Taslamanyň esasy maksatlary:

Arkalaşygyň senagat, studiýa we şaý-sepler dizaýnynyň iň oňat mysallaryny, şol sanda sirkulýar çözgütleri görkezmek;

dizaýn jemgyýetleriniň arasynda aragatnaşyk we bilermen alyş-çalşygy;

ýurtlaryň döredijilik mümkinçiliklerine halkara mahabaty we goldaw.

"GDA-nyň ykdysady ösüşi üçin işewürlik merkezi" birleşiginiň goldawy bilen muzeý, Ýewraziýa ýeňil senagaty sammitiniň (2024-nji ýylyň 21-24-nji marty) çäginde diskussiýa platformasyny gurar we bu ýerde ýörite “Arkalaşygyň dizaýny” taslamasyny hödürlär hem-de dizaýn we moda pudagyndaky ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hünärmenler bilen ara alyp maslahatlaşylar.

ORIENT news

Foto: damuseum.ru

Şeýle hem okaň: