Iň täze habarlar

«Mosfilm» studiýasy 100 ýyllygyny belleýär

31.01.2024 | 15:46 |
 «Mosfilm» studiýasy 100 ýyllygyny belleýär

Şu gün, 30-njy ýanwarda «Mosfilm» kinostudiýasynyň döredilmegine 100 ýyl dolýar. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

«Mosfilm» – Ýewropadaky iň iri we iň gowy enjamlaşdyrylan kinostudiýalaryň biridir. Hut şu ýerde tutuş asyryň dowamynda ähmiýetini ýitirmedik meşhur filmler döredildi. Kinostudiýanyň doglan güni režissýor Boris Mihiniň 1924-nji ýylda surata düşüren «Ganatlar bilen asmana» («На крыльях ввысь») filminiň tomaşaçylara ýetirilen güni hasaplanýar. Şol döwürde kinostudiýa bary-ýogy pawilýondy. Üç ýyldan soňra bolsa ol Worobýowy goryda kemala gelip başlady.

Студия «Мосфильм» отмечает 100-летие

«Häzirki wagtda 30 gektar meýdanda 17 sany ýapyk pawilýon, iki sany açyk asmanyň astynda surata düşüriş meýdançasy, ses ýazgy edilýän we filmleriň üstünde işlenýän studiýasy, geýimler we esbaplar saklanýan jaý, awtoulag duralgasy, «Mosfilmofond», kinokonsert toplumy, dolandyryş binalary hem-de seýilgäh zolagy ýerleşýär. Hatda şäher kartalaryndan tapyp bolmaýan öz toponimleri hem bar: Leonid Gaýdaý, Sergeý Bondarçuk, Isaak Dunaýewskiý meýdançalary, Beýik ussatlar seýilgähi» diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Kinostudiýanyň özüni-de filmlerde görmek bolýar, mysal üçin, ol «Kawkazyň ýesiri» filminde Nikalar köşgi açylanda görünýär. Film materiallarynyň, takmynan, 70%-i studiýanyň bezelen sahnalarynda, galan 30%-i bolsa ýerlerde surata düşürilýär. Pawilýonlaryň meýdany şeýle bir uludyr welin, olarda tutuş bir şäher gurlup bilner. Köplenç, şeýle hem edilýär - belli bir taslama üçin bezeg toplumlary taýýarlanýar we olar film surata düşürilenden soň sökülýär. Şeýle-de 20 ýyllyk bezeg toplumlary hem bar: mysal üçin, «XIX asyryň köne şäheri» bezeg toplumy onlarça filmde ulanyldy.

Студия «Мосфильм» отмечает 100-летие

Şeýlelikde, bir şäherden dürli şäherleri döredip bolýar. «Mosfilm» kinostudiýasynyň syýahatçylyk boýunça ýolbeledi Natalýa Anufriýewanyň belleýşi ýaly, şäherleriň keşbi umumylaşdyrylandyr. Binalar, köplenç, reňklenýär, olaryň öňündäki meýdançalar we beze aýratynlyklary üýtgedilýär. Şeýlelikde, Parižiň, Berliniň, Londonyň keşbini döretmek mümkindir.

Studiýanyň çäginde jemi ýarym million geýim, mebelden başlap, lybaslara çenli bezeg önümleri we hatda ulaglara çenli bezeg toplumlary bar. Olaryň hemmesi-de bir filmden başga filme geçýär. Kinostudiýanyň öz ýyladyşhanasy bar, bu ýerde banan, üzüm, mandarin we limon ýaly miweler ösýär. Olaryň ählisi hem filmde «tebigylygy» görkezmeli bolanda, mysal üçin, gyşda tomusdaky wakalary surata düşürmek gerek bolanda we ş.m. ýagdaýlarda ulanylýar.

Студия «Мосфильм» отмечает 100-летие

Kinostudiýada işler diňe bir surata düşmek bilen çäklenmeýär. Bu ýerde ssenariler ýazylýar, bezegler ýasalýar, surata düşürilen materiallar gaýtadan işlenýär, filmleriň satuw üçin niýetlenen nusgalary taýýarlanýar. Ýüz ýylyň dowamynda studiýadan 2,5 müňden gowrak film çykdy. Olardan 1,8 müňüsi dolymetražly filmler we 800-den gowragy gysgametražly filmler. Sowet döwründe «Mosfilm» ýylda 55-e çenli dolymetražly film çykarýardy. Häzirki wagtda kinokonsern, döwlet kärhanasy bolmak bilen, esasan önümçilik merkezi hökmünde çykyş edýär.

«Mosfilm» kinostudiýasynyň iň meşhur filmleriniň hatarynda «Moskwa gözýaşlara ynanmaýar» («Москва слезам не верит»), «Ykbalyň oýny ýa-da Süňňüň ýeňil bolsun!» («Ирония судьбы, или С лёгким паром!»), «Çölüň ak güneşi» («Белое солнце пустыни»), «Işdäki söýgi gatnaşyklary» («Служебный роман»), «Söýgi we kepderiler» («Любовь и голуби»), «Bu ýerde şapaklar asuda» («А зори здесь тихие»), «Uruş we parahatçylyk» («Война и мир») we beýleki filmler bar.

2005-nji ýylda «Mosfilm. Zolotaýa kolleksiýa» teleýaýlymy işe girizildi. Onda dürli žanrlardaky nusgawy sowet filmleri: dramalar, komediýalar, melodramalar, taryhy filmleri, ertekiler we beýlekiler ýaýlyma berilýär. Russiýada we GDA ýurtlarynda kabel hem-de emeli hemra ulgamlarynyň köpüsinde elýeterlidir. Türkmenistanda bu ýaýlym «Belet Film» onlaýn kinoteatrynda elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: RIA Habarlary

Şeýle hem okaň: