Iň täze habarlar

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt klassikleriniň ýadygärlik heýkelleri gurlar

03.02.2024 | 01:02 |
 Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt klassikleriniň ýadygärlik heýkelleri gurlar

Aşgabadyň günortasyndaky Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda, äpet heýkelde beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň keşbini özünde jemleýän esasy ýadygärlikden başga-da, beýleki ýurtlaryň edebiýatynyň nusgawy şahsyýetleriniň heýkelleri gurlar.

Wise-premýer Mährijemal Mämmedowa anna güni Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol, döwlet Baştutanyny we Ministrler Kabinetiniň agzalaryny bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjylarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmagyň meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli açyljak seýilgäh toplumynda görnükli daşary ýurtly şahyrlaryň we ýazyjylaryň ýadygärlikleriniň ähliumumy medeni mirasyň hormat nyşanyna öwrüljekdigini aýtdy.

ORIENT news

Foto: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Şeýle hem okaň: