Türkmenistan we TÜRKSOÝ guramanyň agza ýurtlarynda bilelikde çäreleriň toplumyny geçirer
06.02.2024 | 20:54 |Bilelikdäki çäreleri guramak barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew tarapyndan sişenbe güni, 6-njy fewralda Aşgabatda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi şeýle-de, geljegi uly bolan ugurlar kesgitlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berlişine görä, medeni gatnaşyklaryň türki dilli ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.
2024-nji ýyl, türki dilli dünýäde Türkmenistan üçin möhüm ýyldyr, bu TÜRKSOÝ-yň çäklerinde türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly, şol sanda Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny we gadymy türkmen şäheri bolan Änewiň – türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe çärleriň geçirilmegi bilen baglydyr.
Bu nukdaýnazardan taraplar, Türkmenistanda we TÜRKSOÝ guramasynyň ähli agza döwletlerinde ýakyn wagtda geçiriljek çäreleri, guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Magtymgulynyň döredijiligini wagyz etmek we Änew şäheriniň TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO we ş.m. ýaly dürli halkara düzümlerindäki medeni ähmiýeti barada pikir alyşyldy.
ORIENT news