Iň täze habarlar

Tähranda 42-nji halkara Fajr kinofestiwaly geçirildi

11.02.2024 | 23:43 |
 Tähranda 42-nji halkara Fajr kinofestiwaly geçirildi

Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramow sebitdäki kinostudiýalaryň wekilleriniň hatarynda 1-11-nji fewral aralygynda Tähranda geçirilen 42-nji halkara Fajr film festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyryldy. Festiwala 87 ýurtdan 621 işler hödürlendi, 10 günüň dowamynda 70 ýurtdan gelen awtorlaryň 33 filmi görkezildi.

1.jpg

Ýekşenbe güni agşam ýapylyş dabarasynda tomaşaçylara emeli intellekt tarapyndan “surata düşürilen” doly göwrümli Eýran filminden bölek görkezildi. Soňra dürli kategoriýalarda ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.

2 (1).jpg

Festiwalda dürli ýurtlardan kinorežissýorlar ekranlaşdyryşdan başga-da gözden geçiriş duşuşyklaryna, kino pudagynyň geljegi we çeper, dokumental film bazaryndaky tendensiýalar, wideo mazmuny önümçiligindäki täzelikler, milli we global temalara şeýle-de bu sungat görnüşinde we halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde artykmaçlyk hökmünde medeni dürlülige üns berdiler.

3.png

Festiwalyň guramaçylary Eýranda soňky iki ýylda bar bolan 570 kinoteatrda ýene 250 teatryň goşulandygyny we olaryň sanyny 1000-e ýetirmek niýetiniň bardygyny bellediler. Häzirki wagtda ýurtda ýylda 4300 sany çeper, gysga metražly we dokumental filmler surat düşürilýär.

4 в конце.jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: