Türkmenistandaky Gran-pri küşt ýaryşlarynyň täze tapgyry ilkinji gezek "Lichess"-de görkeziler
18.03.2025 | 01:30 |Aşgabatda, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy tarapyndan guralan, düýbünden täze Gran-pri küşt ýaryşynyň ilkinji tapgyry başlandy. 17-nji martda badalga alan bu täsin ýaryşa jemi 127 oýunçy gatnaşýar: açyk kategoriýada 83, zenanlar kategoriýasynda bolsa 44 oýunçy bar.
Gran-pri ýaryşlar toplumy alty tapgyrdan ybarat bolup, klassiki görnüşde geçiriler. Ol Türkmenistanyň bäş welaýatyny öz içine alyp, bäş şäherde: Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda guralar. Bu abraýly ýaryşyň ilkinji tapgyry Aşgabatda başlady, Jemle tapgyry hem paýtagtda geçiriler.
Gran-pri tapgyrynyň esasy maksady – ýurduň ähli künjeklerinden gelen küştçülere ýokary derejeli oýun tejribesini bermek, olary ýokary ligada çykyş etmäge höweslendirmek we şeýlelik bilen, Türkmenistanda küşt sporty ösdürmek we wagyz etmekdir.
Ilkinji gezek: ýaryşlaryň onlaýn göni ýaýlymda görkezilmegi
Bu ýaryşyň aýratynlygy – hut şu ýaryşdan başlap, Türkmenistanyň küşt taryhynda oýunlaryň onlaýn göni ýaýlymda görkezilip başlanmagydyr. Küştçüleriň her bir ädimi ýörite datçikler arkaly derrew sanly formata öwrülip, DGT LiveChess programmasynyň üsti bilen onlaýn platformalara iberilýär.
Şeýlelikde, küşt muşdaklary, hünärmenler hem-de tomaşaçylar dünýäniň islendik künjeginden oýunlary göni ýaýlymda synlap, oýunçylaryň ädimlerini seljerip, dartgynly duşuşyklaryň şowhunyny duýup bilerler. Mundan başga-da, oýun wagtynyň görkezilmegi, ýagny her oýunçynyň galan minutlary we sekuntlary hem tomaşaçylar üçin aýratyn gyzyklanma döredýär.
Häzirki ýaryşyň göni ýaýlymda görkezilýän platformasy Lichess bolup, bu platforma dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän küşt ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin küşt muşdaklarynyň arasynda iň meşhur platformalarynyň biri hasaplanýar.
Göni efirde görkezilýän oýunlar şu wagta çenli açyk kategoriýada 7 tagta we zenanlar kategoriýasynda 3 tagtadan ybaratdyr. Bu bolsa tomaşaçylara dartgynly duşuşyklara syn etmäge we öz janköýerlik edýän küştçülerini goldamaga mümkinçilik berýär. Geljekde bolsa, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy we Aşgabat Küşt-şaşka ýöriteleşdirilen mekdebi bilen bilelikde, bir wagtda görkezilýän tagtalaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Bu tehniki çözgütleriň amala aşyrylmagyna onlaýn küşt oýunlary üçin ýöriteleşdirilen enjam öndüriji Gollandiýanyň DGT kompaniýasy we Türkmenistanyň öňdebaryjy IT kompaniýasy «Imdat Elektronika» hem goldaw berýär.
Küşt Federasiýasynyň bellemegine görä, bu tehnologiýa täzeligi küşt sporty üçin täze bir döwri açýar we ony giň tomaşaçy köpçüligi üçin has-da gyzykly we tomaşa bilen utgaşdyrylan sport görnüşine öwürmäge ýardam edýär.
Gran-pri küşt ýaryşlar tapgyrynyň netijelerine görä, her kategoriýada iň gowy 16 oýunçy kesgitlener. Olar jemleýji tapgyrynda pleý-off görnüşinde, ýeňilen oýunçynyň ýaryşdan çykarylýan tertipde güýç synanyşarlar. Açyk we zenanlar kategoriýalarynyň ýeňijileri bolsa 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary Ligasynda oýnamaga gönüden-göni ýol alarlar. Bu bolsa milli ýygyndynyň düzümini kesgitlemekde esasy tapgyrlaryň biri bolar.
Göni ýaýlym salgylary:
Açyk kategoriýa: https://lichess.org/broadcast/gran-pri-tkf-ashgabat-open/round-1/K58aXeBU
Zenanlar kategoriýasy: https://lichess.org/broadcast/gran-pri-tkf-ashgabat-women/round-1/INot86xN
Oýunlaryň netijeleri we ýaryş tertipnamasy bilen Chess-results sahypasynda şu salgy arkaly tanyşyp bilersiňiz: https://chess-results.com/tnr1137131.aspx?lan=11
Aşgabatda geçirilýän Gran-pri tapgyry 21-nji martda tamamlanar.
ORIENT