SBA-nyň bäşinji forumyna 1500-den gowrak adam gatnaşdy
05.07.2025 | 11:05 |2025-nji ýylyñ 2–3-nji iýulynda Moskwadaky "Russiýa" Milli merkezinde geçirilen "Täze zaman üçin güýçli pikirler" atly V forumy öz işiniň jemlerini jemledi. Strategiki başlangyçlar agentligi (SBA) hem-de Roskongress gaznasy tarapyndan, WEB.RF bilen hyzmatdaşlykda gurnalan bu çäre 1500-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady.
Forumyň esasy wakasy — Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirilen umumy mejlis boldy. Ol Forumyň ýokary jemgyýetçilik wezipesiniň — Russiýa raýatlarynyň zehinini we döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga hyzmat etmekdigini belläp geçdi. "Soňky ýyllarda biz özboluşly meýdançany, senagatyň, önümçiligiň we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň ösüşi üçin özboluşly guraly döretdik.
Munuň özi tutuş Russiýanyň ösüşine täsir edýär. Her ýyl müňlerçe iň gowy pikirler anyk goldawa eýe bolýar. Olaryň ýolbaşçylaryna we toparlaryna geljekki ösüş üçin zerur bolan bilim, usulyýet goldawy berilýär. Iň möhüm 100 başlangyç hökümete, ministrliklere, edaralara we sebitlere ugradylyp, ulgamlaýyn çözgütleriň düzülmeginde ulanylýar" - diýip, Prezident Wladimir Putin aýtdy.
Forumyñ umumy mejlisiniň dowamynda Prezidentiň öňünde iň gowy pikirler hödürlenildi. Taslamalaryň ýolbaşçylary — ylmy işgärler, oba hojalyk we täjirçilik däl ekologiýa pudaklarynyñ, şeýle hem medeni-döredijilik ulgamynyñ işgärleridir.
Hödürlenen çözgütleriň arasynda suw sarp edilişine gözegçilik, tokaý zolagynyň ekilmegi; dronlar, emeli añ we bulut tehnologiýalary esasynda tebigy baýlyklary dolandyrmagyň innowasion ulgamy; turba geçirijileriň içinde hereket edip bilýän modul robotlary; inklýuziw kino klublar ulgamynyň ösdürilmegi ýaly pikirler bar.
Şu ýyl foruma SBA-nyň bäş ugruna degişli 35 müňden gowrak pikir gelip gowuşdy: durmuş, telekeçilik, işgärler, tehnologik, şeýle hem ekologiýa we howa bilen bagly milli başlangyçlar. Şeýle pikirleriň arasynda iň köp paýy durmuş ugry eýeläp, ol umumy pikirleriň takmynan ýarysyny düzdi. "100 iň möhüm pikiri Russiýa Federasiýasynyň hökümetine hödürläris. Olary ministrlikler we edaralar bilen bilelikde işläp taýýarlarys.
Şeýle hem WEB.RF ösüş toparymyzyň (SMB, REK we beýlekiler) telekeçilik meýilnamasyna taýyn başlangyçlary saýlarys. Iň wajyp pikirleri Gündogar forumynyň çäklerinde öňe süreris", - diýip, WEB.RF-nyň başlygy Igor Şuwalow belledi.
Forumyň ilkinji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde maslahatlaşma sessiýalary we başlangyçlaryň tanyşdyrylyşy geçirildi. Olara diňe bir 2025-nji ýylyň liderleri däl, eýsem öňki ýyllaryň üstünlikli taslamalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Sessiýalaryň dowamynda olar tejribeleri bilen paýlaşyp, jemgyýet üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça täze çemeleşmeleri işläp düzdüler.
Umuman, çärä 10 ýurtdan 1500-den gowrak adam gatnaşdy: Germaniýa, Hindistan, Gazagystan, BAE, Kipr Respublikasy, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Özbegistan, Şweýsariýa. Gatnaşanlaryň arasynda 800-e golaýy — Russiýa we daşary ýurt işewürliginiñ wekilleri bolup, olar 600-den gowrak gurama wekilçilik etdiler. Şeýle hem welaýat ýolbaşçylary we respublikalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Onlaýn ýaýlymlary 2,5 milliondan gowrak tomaşaçy synlady.
Forumyň çäklerinde tassyklanan ilkinji müň sany başlangyçdan bilermenler iň ileri tutulýan 300 sany uly taslamany saýlap aldylar. Soňra bolsa şolaryň arasynda 100 iň gowusy saýlandy. Bu Forumyň jemleýji tapgyryna ýetenleriñ saýlama tapgyrynyñ ikinjisi we üçünjisi boldy. Bu we beýleki taslamalar bilen her bir saýlanan ugur boýunça top-1000, 300 we 100 fitlrden peýdalanyp, идея.росконгресс.рф saýtynda tanşyp bolýar.
ORIENT