KazanForum 2025-de zenan-telekeçilere we haýyr-sahawatçylara abraýly baýraklar gowşurylar
08.04.2025 | 12:00 |2025-nji ýylyň 15-nji apreline çenli KazanForum 2025 işewürlik maksatnamasynyň zenan bölümçesiniň çäklerinde işewür-zenanlar üçin halkara baýraklara arzalaryň kabul edişligi dowm edýär. Baýraklaryň esasy maksatlary üstünliklere ýetmeklige ýardam bermekden, Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlarynyň aragatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan işewürlik-taslamalary we şahsy brendleri, şeýle hem adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrýan haýyr-sahawat taslamalary öňe sürmekden ybarat.
“Halal Business Woman” baýragy belli ukyp-başarnyklary, telekeçilik ruhyny, işewürlige bolan innowasion çemeleşmeleri hem-de ýokary hilli halal önümleri we hyzmatlary döretmek islegini görkezýän zenanlara gowşurylýar. Geçen ýylyň ýeňijisi Kataryň dizaýneri Manjulakşmi Bharatan boldy.
“Halal Charity Woman” – ynsanperwerligiň, uly ýürek mähremliligiň we hoşamaýlygyň belli häsiýetlerini görkezip, kömege we goldawa mätäç bolanlara ýardam bermäge taýýar zenanlara haýyr-sahawat ugry boýunça gowşurylýar. Geçen ýyl Jemgyýetçilik haýyr-sahawat gaznalaryň “MAMA” halkara birleşiginiň birinji Wise-prezidenti, Moskwanyň “MAMA” sebitleýin haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Klepikowa-Babiç Ýuliýa Walerýewna bu baýraga mynasyp boldy.
Gatnaşyjylara baha bermek ölçegleriň arasynda taslamalaryň özboluşlylygyny, durmuşa ýetirýän täsirini, başlangyçlylygyny, tanalmagyny, haýyr-sahawat we telekeçilik işinde Halal standartlaryň berjaý edilişini görkezmek bolýar.
“Forumyň çäklerinde zenanlaryň başlangyçlarynyň, durmuşa geçirilen taslamalaryň halkara ykrar edilmegi – bu global jemgyýetçiligiň bähbidine umumy gymmatlyklar arkaly Russiýanyň yslam dünýäsi bilen ýakynlaşmagynda dostlukly çemeleşmeleriň görkezilmegidir. Geljekde zenanlar forumy bilelikdäki halkara üstünlikleriň esasyny düzer” – diýip, Tatarystanyň Maýa goýum ösüş Agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina belläp geçdi.
Gündogar ugurly “Zenanlaryň garaýşy” Russiýanyň we YHG-nyň ýurtlarynyň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň iň gyzykly bölekleriniň biridir. Sessiýada zenanlaryň we maşgalanyň işewürlikdäki hem-de dünýä ykdysadyýetindäki orny, haýyr-sahawat hem-de zenan telekeçiligiň ösüş meseleleri barada maslahatlaşylar. Russiýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, BAE-niň, Hindistanyň, Bahreýniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň meşhur telekeçi we bilermen zenanlary maslahatlaşmalara gatnaşmaklaryny tassykladylar.
KazanForum-a gatnaşmak üçin arzalary aşakdaky saýt boýunça tabşyryp bolar:
Halal Business Woman: https://kazanforum.ru/awards-prizes/anketa-halal-business-woman/
Halal Charity Woman:https://kazanforum.ru/awards-prizes/anketa-halal-charity-woman/
KazanForum 2025 forumyň taýýarlyk we guramaçylyk işleri boýunça operatory hökmünde Росконгресс Gaznasy çykyş edýär.
ORIENT news