Türkmenistanyň we Efiopiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek barada ylalaşdylar
08.04.2025 | 22:40 |8-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewos bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem olar, Şeýle hem, diplomatik gatnaşygy çuňlaşdyrmak we ykdysady ösüşi parlamentara dialogy, halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Iki tarap hem köptaraplaýyn we uzak möhletli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge özleriniň taýýardyklaryny tassyklap, yzygiderli diplomatik dialogy alyp barmagyň we özara gyzyklanýan ugurlary has giňişleýin öwrenmek üçin ýokary derejeli saparlary ýeňilleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ministrler Efiopiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn geljegine ynam bildirip, ykdysady ösüş, sebitdäki durnuklylyk we hyzmatdaşlyk üçin umumy mümkinçilikleri bellediler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanda geçiriljek çärelere Efiopiýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynda habar berildi.
Ýene-de mowzuk boýunça
Türkmenistanyň wekiliýeti Addis-Abebada Efiopiýanyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy
Türkmenistan halkara ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýär: Efiopiýadan Estoniýa çenli
ORIENT