Iň täze habarlar

Rimde Türkmenistanyň we Italiýanyň DIM-niň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

10.04.2025 | 00:20 |
 Rimde Türkmenistanyň we Italiýanyň DIM-niň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

Rimde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň arasynda duşuşyk geçirildi. 9-njy aprelde, çarşenbe güni geçirilen bu duşuşyk Italiýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň maslahatynda başlanan dialogyň dowamy bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we strategiki taýdan möhüm pudaklaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlandy.

Hususan-da, taraplar energetika, suw serişdeleri, medeni we bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan, energetika pudagynda Italiýa üçin möhüm hyzmatdaş hasaplanýar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meseleleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäginde hem gyzyklanma döredýär diýip Italiýanyň DIM-de bellenildi.

Çiriýelli şeýle hem 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol saparyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy. Bu ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejede yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.

“Italiýa we Türkmenistan – öňden dowam edip gelýän we çuňňur gatnaşyklar birleşdirýän dostlukly ýurtlardyr. Italiýa, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň daşarky gatnaşyklarynyň çäginde, Türkmenistany Merkezi Aziýada strategiýasynyň esasy bölegi, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky köpri hökmünde has strategiki möhüm sebit hasaplaýar” – diýip ministriň orunbasary Çiriýelli nygtady.

Bu duşuşyk iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän we sebitde durnuklylygy we abadançylygy berkitmäge goşant goşýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan Türkmenistan bilen Italiýanyň özara isleglerini tassyklady.

ORIENT

Foto: aise

Şeýle hem okaň: