Iň täze habarlar

Türkmenistan KazanForum-a işjeň gatnaşýar: fotoreportaž

15.05.2025 | 18:00 |
 Türkmenistan KazanForum-a işjeň gatnaşýar: fotoreportaž

Türkmenistan «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVI halkara ykdysady forumyna işjeň gatnaşýar.

1

Russia Halal Expo sergisinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň önümleri, hususy pudagyñ harytlary, ylym we bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler, şeýle hem amaly-haşam sungaty önümleri görkezilýär.

2

0

Şeýle-de, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri hem Kazan şäherinde geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» atly XVI halkara ykdysady forumyň çäklerinde görkezilýär.

3

4

5

Türkmenistanyň bu sergä we foruma gatnaşmagy, ýurduň Russiýa, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň bir bölegi bolup durýar we forumyň beýleki gatnaşyjylary, şol sanda işewürlik taslamalary üçin mümkinçilik döretjek hyzmatdaşlar bilen dialog üçin giň meýdançany üpjün edýär.

6

7

9

10

11

12

13

14

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: