Lebapda elektron kitaphanalara gyzyklanma artýar
22.05.2025 | 12:20 |Şu ýylyň geçen dört aýynda welaýatyň kitaphanalarynda okyjylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwründäkiden artmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Anyk aýdylanda, ýanwar — aprel aýlarynda welaýat kitaphanasyna, etraplardaky merkezi kitaphanalara we olaryň şahamçalaryna täze ýazylan raýatlaryň sany 3 müň 600-den gowrak bolup, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 120 müňden geçdi.
Şanly ýylyň agzalan döwründe dürli mazmunly kitaplaryň 147 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýan okyjylaryň sany artyp, olaryň aglabasynyň ýaşlardygyny bellemelidiris.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan ýylynda welaýat kitaphanasynyň, şol sanda etrap merkezi kitaphanalarynyň işgärleri tarapyndan elektron kataloga salnan kitaplaryň sany 6 müňden geçdi.
ORIENT