Türkmenistanda “Quiz on Korea 2025” halkara wiktorinasynyň saýlama tapgyry geçiriler
22.05.2025 | 13:50 |Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Quiz on Korea 2025” halkara wiktorinasynyň saýlama tapgyry barada habar berýär. Saýlama tapgyr 31-nji maýda, şenbe güni sagat 15:00-dan 17:00-e çenli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň uly türgneleşik zallarynyň futbol meýdançalarynda geçiriler.
Milli tapgyryň ýeňijisi Koreýada geçiriljek jemleýji tapgyrda Türkmenistana wekilçilik etmek mümkinçiligini alar. Guramaçylar uçuş, ýaşaýyş we iýmitleniş bilen baglanyşykly ähli çykdajylary öz üstüne alarlar. Wiktorinanyň jemleýji tapgyry 2025-nji ýylyň 7-nji sentýabr – 9-njy oktýabr döwrüne meýilleşdirilen hem-de Koreýanyň ýaýlymlar ulgamynda (KBS) göni ýaýlymda görkeziler.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi üçin giňişleýin maglumatlar, şol sanda resmi bildiriş, kitapçalar we arzalaryň formasy ilçihananyň saýtynda elýeterlidir https://overseas.mofa.go.kr/tm-ru/brd/m_9174/view.do?seq=761163:
ORIENT