Iň täze habarlar

Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawlarynyñ sany köpeldildi

22.05.2025 | 13:05 |
 Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawlarynyñ sany köpeldildi

20-nji maýdan başlap «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-sy Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça her günki goşmaça awtobus gatnawyny ýola goýdy.

Indi bu ugur boýunça awtobuslar her gün iki gezek hereket eder. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:30-da we Türkmenbaşydan sagat 10:00-da ugraýar. Ozal bu ugur boýunça günde bir gezek gatnaw amala aşyrylýardy.

Biletleri awtomenzilleriñ kassalarynda satyn alyp bolar. Gatnawyñ bir tarapy üçin biletiñ bahasy 65,00 manat.

Giñişleýin maglumatlary we gatnaw tertibini www.auh.com.tm daşaýjynyñ resmi saýtynda ýa-da +99361-49-34-95, 44-35-30, 44-35-20 telefon belgileri arkaly öwrenip bolar.

Halkara awtomenziliñ salgysy:A.Nyýazow şaýolunyñ 422-nji jaýy.

ORIENT

Foto: auh.com.tm

Şeýle hem okaň: