TULM ilkinji Gazagystan - Birleşen Arap Emirlikleri ugry boýunça konteýner otly düzümini ugratdy
22.05.2025 | 15:10 |2025-nji ýylyň 18-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM ) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Gazak demirýollarynyň “KTZ Express” paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Gazagystan Respublikasynyň Zaýataýskaýa demirýol stansiýasyndan jemi 62 sany 40’futluk bugdaý ýükli konteýnerlerden ybarat bolan ilkinji synag otly düzümi Serhetýaka serhet geçelgesinden girip, ol ýerden Etrek stansiýasynda wagondan wagona ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp GDA döwletleriň wagonlaryndan eýran wagonlaryna geçirildi.
Bu ýerden ugran konteýner otly düzümi Bender abbas portunda deňiz ulaglaryna ýüklenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri portlarynyň biri bolan Jebel-Ali deňiz portuna ugradyldy. Belläp geçsek, bu ýük gatnawyny TULM ýurdumyzda ilkinji bolup gurnady.
Bilşimiz ýaly, TULM «Demirgazyk-günorta» we «Günbatar-gündogar» ýaly halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde multimodal we konteýner ýük gatnawlary babatynda ýerine ýetirýän işleri örän ähmiýetlidir we ýurdumyzda amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň hatarynda öz ornuny ilkinjileriň arasynda alýar.
ORIENT