Iň täze habarlar

ÇaparPay bilen Hiňlen dünýäsini açyň: söýgüli sazyňyz indi has elýeterli boldy

19.05.2025 | 13:35 |
 ÇaparPay bilen Hiňlen dünýäsini açyň: söýgüli sazyňyz indi has elýeterli boldy

ÇaparPay onlaýn tölegler üçin niýetlenen ykjam goşundysy Hiňlen aýdym-saz hyzmatyny öz mümkinçiliklerine goşmak arkaly onuň elýeterliligini has-da ýokarlandyrdy. Indi ulanyjylar Hiňlen hyzmatynyň PREMIUM abuna ýazylyşygyny adaty töleg goşundysyndan çykmazdan, özlerine laýyk döwür boýunça — 1, 3, 6 ýa-da 12 aýlyk — saýlap alyp bilýärler.

Hiňlen atly aýdym-saz striming hyzmaty bilen integrasiýa ÇaparPay ulanyjylaryna ýokary hilli seslenme bilen baý aýdym-saz dünýäsini açýar. Abuna ýazylyjylar goşundylaryň arasynda geçişsiz söýgüli aýdymlaryndan lezzet alyp, täze çykýan aýdym-saz eserlerini aňsatlyk bilen yzarlap bilerler.

Şeýlelikde, ÇaparPay diňe bir amatly onlaýn töleg gurallarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de ulanyjylara zerur hyzmatlary bir ýerde birleşdirýän platforma öwrülýär.

ÇaparPay goşundysyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play we App Store.

ORIENT

Foto: post.tm

Şeýle hem okaň: