Merkezi Aziýa ýurtlarynyň senagat ministrleri ilkinji Konsultatiw duşuşygyny geçirerler
19.05.2025 | 20:05 |Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Senagat syýasaty baradaky Geňeşiniň XI mejlisi we Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat ministrleriniň ilkinji Konsultatiw duşuşygy 4-nji iýunda Duşenbe şäherinde geçiriler.
Täjigistanyň Senagat we Täze Tehnologiýalar ministrliginiň habar bermegine görä, oňa Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyñ, Türkmenistananyň, Özbegistanyň hem-de Azerbaýjanyň pudaklaýyn ministrleri çagyryldy.
Täjigistanyň şu ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäginde, ýurduň Senagat ministrligi agyr maşyn gurluşygyny ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça GDA ýurtlarynyň arasynda ylalaşygyñ taslamasyny işläp düzdi. Bu taslama ylalaşyklardan soňra 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbede geçiriljek GDA Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizildi.
GDA-nyň Senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girýär. Olaryň arasynda ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin täze materiallaryň öndürilişi, magdan metallurgiýasy we himiýa pudaklarynyň sanly özgertmeleri, raýat gämi gurluşygyny ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, nebit-gaz hem-de himiýa maşyn gurluşygy ýaly ugurlar bar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat ministrleriniň ilkinji Konsultatiw duşuşygyny Duşenbe şäherinde geçirmek başlangyjy 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda öňe sürüldi.
Ministrler senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini, sebitdäki baý serişdeler kuwwatyny, iri sebitleýin ykdysady taslamalara bilelikde gatnaşmak tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan durnukly innowasion senagat hyzmatdaşlygyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşygyň netijesinde jemleýji resminama gol çekilmegine garaşylýar.
ORIENT