HHSKG-niñ Ählihytaý komitetiniň başlygynyñ orunbasary Özbegistana baryp gördi
04.06.2025 | 12:10 |1-2-nji iýun aralygynda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň (HHSKG-niñ ÄK) başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue Özbegistana sapar bilen bardy we ikinji hytaý-özbek sebitara forumyna gatnaşdy hem-de çykyş etdi. Bu barada russian.news.cn habar berýär.
Saparyň dowamynda Şen Ýueýue Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow, Oliý Mažlisiň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, premýer-ministriň orunbasary Žamşid Hodjaýew bilen duşuşdy, şeýle-de premýer-ministriň orunbasary Zulayho Mahkamowa bilen dostlukly pikir alyşdy.
Şen Ýueýue Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň strategik ýolbaşçylygy astynda täze eýýamdaky ähli taraplaýyn, durnukly we strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan hytaý-özbek gatnaşyklary çalt depginde ösýändigi barada belledi.
Hytaý tarapy iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, syýasy ynamy berkitmäge, ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, medeni we ynsanperwer alyş-çalyşlary ösdürmäge, Hytaý bilen Özbegistanyň bitewi ykbal jemgyýetini has ýokary başlangyç nokatdan gurmaga taýýardygyny nygtady. Bu bolsa iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine hyzmat eder diýip, Şen Ýueýue aýtdy.
Özbegistanyň premýer-ministri A. Aripow özüniň adyndan Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýan üçin mähirli salamyny ýetirmegini Şen Ýueýueden haýyş etdi. Ol Özbegistan bilen Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga we umumy ýeňişe esaslanýan gowy hyzmatdaşlar we biri-birini goldaýan ynamdar dostlardygyny aýtdy. Özbegistan Hytaý bilen ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer we sebitara alyş-çalyş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň ýokary hilli durmuşa geçirilmegini ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
ORIENT