Ýakyn günlerde Türkmenistanda ýagşyñ ýagmagyna garaşylýar
05.06.2025 | 12:15 |5-11-nji iýun aralygynda Türkmenistanyñ ähli welaýatlarynda ýerli, gysga möhletleýin, käbir ýerlerde ýyldyrymly çabga ýagyşlaryñ ýagmagy çaklanylýar.
Ýagyşlar, esasan hem 5-6-njy, 8-9-njy iýunda ýurdumyzyñ köp böleginde ýagmagy ähtimal. Has köp ýagyn Köpetdagyñ dag we dag etegindäki ýerlerde ýagar.
Howa derejesi iýunyñ birinji ongünligi üçin kadadan biraz aşakda bolar. Hususan-da, 5-8-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynyñ köp böleginde gündiz +25…+30°, kenarýaka sebitlerde +22…+27° bolar. Ýurdumyzyñ beýleki welaýatlarynda +26…+31° - +32…+37° aralygynda bolar.
Şeýle hem, 5-6-njy iýunda Ahal welaýatynda hem-de Balkan we Daşoguz welaýatlarynyñ käbir ýerlerinde şemalyñ güýçlenmegine garaşylýar. 8-nji iýunda Ahal welaýatynda hem-de Mary welaýatynyñ käbir ýerlerinde güýçli şemal çaklanylýar diýip, Метеожурнал habar berýär.
ORIENT