Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Duşenbede geçirilen halkara duşuşyklarda senagat hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşdy

05.06.2025 | 09:25 |
 Türkmen wekiliýeti Duşenbede geçirilen halkara duşuşyklarda senagat hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşdy

2025-nji ýylyñ 4-nji iýunynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti GDA-nyñ Senagat syýasaty baradaky geñeşiniñ mejlisine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ senagat ministrleriniñ konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyñ Täjigistandaky ilçihanasynyñ habar berşi ýaly, önümçiligiñ sanlylaşdyrylmagy, tehnologiýalaryñ ornaşdyrylmagy, kooperasiýalaryñ ösdürilmegi, önümleriñ bäsdeşlige ukyplylygy we onuñ daşary bazarlara çykarylmagy barada maslahatlaşyldy. 1

Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ ministrleri sebit hyzmatdaşlygyny cuñlaşdyrmak, bilelikdäki taslamalary işletmek, maýa goýumlary çekmek hem-de senagat infrastrukturany giñeltmek ýaly meselelere garadylar. 2 Çykyşyñ dowamynda Nurow Türkmenistanyñ ileri tutýan ugurlary, şol sanda kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk materiallaryñ önümçiliginiñ ösüşi, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ykdysadyýeti diwesifikasiýalaşdyrmak işleri bilen tanyşdyrdy. 3 Saparyñ çäklerinde Nurowyñ Täjigistanyñ senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşyp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Foto: Täjigistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy

Şeýle hem okaň: