Iň täze habarlar

XChat: Ilon Maskdan kriptoşifrleme we ýitip gidýän hatlar bilen täze habarlaşyk ulgamy

02.06.2025 | 19:30 |
 XChat: Ilon Maskdan kriptoşifrleme we ýitip gidýän hatlar bilen täze habarlaşyk ulgamy

"X" sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask XChat atly täze habarlaşyk ulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi. Bu ulgam Direct Messages hyzmatynyň ornuny tutar. XChat howpsuz habarlaşyk platformasy hökmünde açyk şifrlemäni, ýitip gidýän hatlary, islendik faýllary ugratmak mümkinçiligini, şeýle hem audio we wideo jaňlary hödürleýär.

Häzirki wagtda beta synag tapgyrynda bolan bu programma Rust programmirleme dilinde döredilip, Bitcoin stilindäki şifrleme we düýbünden täze arhitektura bilen işlenip düzüldi. Ilon Mask bu başlangyjy öz sahypasynda resmi taýdan tassyklady we aşakdaky mümkinçilikleri nygtady: ýokary gizlinlik derejesi üçin açyk şifrleme, öz-özüni ýok edýän hatlar arkaly geçiji ýazgylar, mazmun alyşmak mümkinçiliklerini giňeltmek üçin islendik faýly ugratmak, doly aragatnaşyk üçin audio we wideo jaňlar. Gyzykly tarapy – XChat telefon belgisine baglanmazdan hem ulanylyp bilner, bu bolsa iň ýokary elýeterlilik we gizlinlik derejesini hödürleýär.

XChat-nyň peýda bolmagy dürli täsirlere eýe boldy. Käbir ulanyjylar bu täze başlangyja gowy garaýarlar we ony Telegram-yň mümkin bolan bäsdeşine öwürmek mümkinçiligini görýärler. Beýlekiler bolsa X ulgamyna mahsus bolan spam we aldaw hatlarynyň köpelmegi ähtimallygyndan alada edýärler.

XChat ulanyjylara howpsuzlygyň we funksionallugyň täze derejesini hödürlemäge çalyşýar we öňden bar bolan habarlaşyk hyzmatlaryna çynlakaý bäsdeşlik açýar. XChat ulanyjylaryň ynamyny gazanyp, bar bolan meseleleri näderejede çözüp biler — bu ýakyn aýlarda belli bolar.

ORIENT

Foto: hi-tech.mail.ru

Şeýle hem okaň: