Russiýada 5G hemra aragatnaşyk ulgamynyñ ilkinji synaglary geçirildi
04.06.2025 | 16:00 |Russiýanyň 5G hemra aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji synaglary maý aýynda Tomsk oblastynda geçirildi we üstünlikli tamamlandy. Synagda hünärmenleri tarapyndan “Telekom-taslama-5” kompaniýasynyň işläp düzen köp şöhleli fazirlenýän antennaly 5G aragatnaşyk ulgamynyň demonstratory barlanyldy. Bu ulgam hereket edýän emeli hemra garamazdan ýer ýüzünde durnukly 5G örtük zolaklaryny döredýär.
Synaglaryň dowamynda uçýan barlaghanadan bäş sany uçarmansyz uçar bilen dolandyryş aragatnaşyk ugry döredildi. Bu barlaghana TVS-2MS uçarynyň esasynda ýerleşdirildi we howa giňişliginde hemra ýaly hereket edipdi. Ýerüsti dolandyryş nokadyndan hünärmenler maglumat iberiliş ugruny üpjün edip, 5G aragatnaşyk ulgamyny gözegçilikde sakladylar we şol ulgam arkaly uçarmansyz uçarlary dolandyrdylar.
Ileri tutulýan barlaglar gaznasynyñ tassyklamagyna görä, uçýan barlaghanada ýerleşdirilen bort 5G aragatnaşyk tehnologiýasy ýer-kosmos ýa-da diňe kosmos ulgamynda uçarmansyz serişdeleri dolandyrmaga mümkinçilik berer. Synaglaryň dowamynda bort bilen ýerüsti terminallaryň arasynda 5G signalynyň durnukly kabul edilmegi we iberilmegi üstünlikli amala aşyryldy. Bu terminallar 5G telefonlarynyñ wezipelerini gaýtalaýardy.
"Geljekde emeli hemralarda ulanylmagy meýilleşdirilýän rus 5G bort enjamynyň aýratynlygy – fazirlenýän antennaly köp şöhleli ulgam arkaly Ýeriň üstünde hereket etmeýän birnäçe hyzmat zolaklarynyň döredilmegidir. Şeýlelikde, bu enjam ýerleşdirilen uçýan ýa-da geljekde hemra görnüşindäki enjamlar egrik ugry boýunça hereket etse-de, signal zolagy durnukly galýar" - diýip, Gazna tarapyndan bellenilýär.
ORIENT