Niderlandlaryñ premýer-ministri wezipeden gidýänligi barada habar berdi
04.06.2025 | 11:10 |Niderlandlaryñ premýer-ministri Dik Shof wezipeden gidýändigi barada mälim etdi. Bu waka, ultrasag Gert Wildersiň Azatlyk Partiýasynyň hökümetden çykmagynyň yzýany boldy.
Bu ýagdaýyň sebäbi immigrasiýa meselesindäki gapma-garşylyklardyr: edara ediji birleşmäniñ beýleki agzalary Wildersiň bosgunlara gaçybatalga bermekden el çekmegi we maşgalalary birleşdirmek çärelerini togtatmak baradaky meýilnamasyny goldamakdan ýüz öwürdiler. Shof, wezipesini ýerine ýetiriji premýer hökmünde dowam etdirjekdigini aýtdy.
Dik Shof: "Ministrler geňeşinde ýüze çykan ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdyk we Azatlyk Partiýasynyň birleşmeden çykmagy bilen parlamentde bu hökümeti ýeter ýagdaýda goldawy ýok diýen netijä geldik".
"Azatlyk Partiýasy saýlawçylara taryhda iň berk gaçybatalga syýasatyny girizmegi, bu babatda Ýewropadaky iň berk ýurtlaryň birine öwrülmegi wada beripdi. Biz bu mesele boýunça meýilnama hödürledik... Men birleşmedäki hyzmatdaşlarymy bu meýilnamany goldamaga çagyrdym, indi bolsa öňki hyzmatdaşlarymy diýmelidirin. Olar muny goldamady" - diýip, partiýanyň lideri sişenbe güni žurnalistlere gürrüñ berdi.
Shofuň hökümeti bir ýyldan hem az dowam etdi. 2023-nji ýylyň noýabryndaky umumy saýlawlarda Wildersiň Azatlyk Partiýasy 150 orunlyk Wekiller Palatasynda ilkinji gezek 37 orun alyp, Niderlandlaryñ parlamentdäki iň uly partiýa öwrüldi. Dört partiýadan ybarat birleşme hökümeti 2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda resmi taýdan döredildi. Niderlandlarda möhletden öñki saýlawlaryň şu ýylyň güýzünde geçirilmegi ähtimal.
ORIENT